Apple-iň güýzki tanyşdyrylyşy bolar, onda iPhone 15-iň hataryndaky täze smartfonlar we beýleki täze önümler görkeziler. Tanyşdyrylyş çäresi 12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Tanyşdyrylyş çäresi şu ýaýlymlar arkaly görkeziler: kompaniýanyň resmi web sahypasynda; Apple TV programmasynda; YouTube kanalynda berler. Däp bolşy ýaly, tanyşdyrylyşyň esasy ýyldyzlary smartfonlar bolmaly. Daşyndan olar iPhone 14 setirine meňzeş bolsa gerek, ýöne gyralary tegelek bolar. Esasy tapawut - ähli wersiýalarda USB-C-iň peýda bolmagy, şeýle hem soňky modellerde Dynamic Island bolar. Myş-myşlara görä, iPhone 15 Pro Max-da täze 48 megapiksellik kamera ulanylar. IPhone 14 Pro Max-da ulanylýan Sony IMX803 datçigi bilen deňeşdirilende, iPhone 15 Pro Max-iň esasy kamerasy ep-esli täzelendi. Takmynan 1 dýuýmlyk optiki formatda Sony IMX903 datçigini ulanýar. Täze datçik giňeldilen dinamiki diapazony, ýagtylyga duýgurlygy we galmagalyň peselmegini üpjün eder. Mundan başga-da, diňe iPhone 15 Pro Max periskop modulyny alar. Şeýle hem, bu çärede Apple Watch Series 9-yň, Apple Watch Ultra 2-niň we USB-C bilen enjamlaşdyrylan täze AirPods Pro-nyň bildiriş edilmegine garaşylýar.