9-njy sentýabrdan 10-njy sentýabra geçilen gijesi Sidneýde (Awstraliýa) UFC 293-iň garyşyk söweş sungaty boýunça ýaryşy geçirildi. Esasy söweşde guramanyň orta agram derejesindäki häzirki çempiony (84 kilograma çenli) täze zelandiýaly Israel Adesanýa sanawyň bäşinji ornundaky amerikaly Şon Striklendden gorandy. Söweş bäş raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan karara gelmeginde Striklendiň ýeňşi bilen tamamlandy. Striklend karýerasyndaky 28-nji ýeňşini gazandy, ýeňlişi bolsa bäş sany. Adesanýa karýerasyndaky üçünji ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabynda 24 ýeňiş bar. Aprel aýynda UFC 287-de geçen soňky söweşinde Adesanya braziliýaly Aleks Pereýrany derbi-dagyn etmek bilen, çempion adyny gaýtaryp aldy. Striklend iýul aýynda UFC on ESPN 48-de ikinji tapgyryň başynda nemes Abusupýan Magomedowy wagtyndan öň saklamagy başardy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir