Generatiw emeli aň diňe ABŞ-da üstümizdäki onýyllygyň ahyryna çenli 2 milliondan gowrak iş ýerini alar. Forrester-iň analitikleriniň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli AI ABŞ-da 2,4 million iş ornuny tutar, esasanam, akyl zähmetiniň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ofis işgärleri kyn ýagdaýda galarlar. Şol bir wagtyň özünde AI 11 million iş ýerine belli bir derejede täsirini ýetirer. Umuman aýdanyňda, awtomatlaşdyryş we AI ulgamlary 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky iş ýerleriniň 4,9% -ini eýelär we şolaryň 30% -i emeli aňyň generatiw ulgamlary bolar. Eýýäm şu ýyl şeýle AI-ler, takmynan, 90 000 iş ornuny tutar we bu ol ýa-da beýleki görnüşde awtomatlaşdyryş ulgamlary tarapyndan eýelenjek iş ýerleriniň 9,3% -ini emele getirer. Analitikler işgäriň bilim derejesi näçe ýokary bolsa, generatiw AI-niň onuň işine şonça köp täsir etjekdigini belleýärler. Aýlyklar babatynda hem şuňa meňzeş tendensiýany görmek bolar: ýyllyk gazanjy 60 000 dollardan az bolan işçiler ýylda 90 000 dollar ýa-da ondanam köp gazanýanlardan az ejir çeker.