Bu hatar bir çipli MediaTek Dimensity 7200 ulgamyny we 200 MP durulykda Samsung ISOCELL şekil datçigini alar. Maglumat eýýäm Xiaomi Group -yň prezidenti we Redmi brendiniň baş müdiri Lu Weýbing tarapyndan tassyklandy. Lu Weýbing Redmi Note 13 Pro-ny “täze King-Kong” diýip atlandyrýar we smartfonyň ilkinji görkezilişiniň şu aýyň ahyryna çenli boljakdygyny tassyklaýar. Maglumatlara görä, Redmi Note 13 we Note 13 Pro 5120 mAh we 67 watt zarýadly batareýalary alar. Has köne model Note 13 Pro + 120 watt zarýad we 5000 mAh akkumulýator hödürlär. Üç smartfonyň hemmesinde 1,5K durulykdaky displeýler bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir