Täze «iPhone» nusgalarynyň hemmesi diýen ýaly «Apple-iň» 2022-nji ýyldaky smartfonlaryndan has ýeňil bolar. Bu barada «MacRumors» habar berýär. Şeýlelikde, «iPhone 15-iň» galyňlygy, uzynlygy we ini, degişlilikde, 7,8 mm, 147,6 mm we 71,6 mm bolar. Agramy – 171 gr. Deňeşdirsek: «iPhone 14-iň» ölçegleri 7,8 mm, 146,7 mm we 71,5 mm, agramy bolsa 172 gramdyr. «iPhone 15 Pro-nyň» galyňlygy 8,25 mm, uzynlygy 146,6 mm we ini 70,6 mm. Agramy – 188 gr. «iPhone 14 Pro-nyň» ölçegleri: 7,85 mm, 147,5 mm we 71,5 mm, şeýle hem 206 gram. «iPhone 15 Pro Max-yň» galyňlygy, uzynlygy we ini, degişlilikde, 8,25 mm, 159,9 mm we 76,7 mm. Agramy – 221 gr. Öňki nusganyň ölçegleri we agramy – 7,85mm, 160,7mm, 77,6mm we 240 gram. «MacRumors-yň» bellemegine görä, häzirki we täze nesil «Pro» nusgalarynyň agramlarynyň arasynda şeýle uly tapawudyň bolmagy olaryň gabaralarynyň dürli materiallardan ýasalmagy bilen baglanyşyklydyr. «IPhone 14 Pro» we «14 Pro Max» poslamaýan polatdan ýasalan bolsa, täze enjamlarda titan peýdalanyldy. Esasy «iPhone-da» iki ýagdaýda-da material hökmünde alýuminiň ulanylmagy sebäpli olaryň agramynyň arasyndaky tapawut ujypsyzdyr. «iPhone 15 Plus-yň» ölçegleri mälim edilmedi. «iPhone 15» seriýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda geçiriler.