Russiýanyň çemionatynyň Birinji ligasynyň dokuzynjy tapgyrynda türkmenistanly tälimçileriň türgenleşdirýän toparlarynyň ikisi hem ýeňiş gazanmagy başardy. Dokuzynjy tapgyryň çäklerinde türkmenistanly hünärmen Dmitriý Homuhadan tälim alýan Ýaroslawlyň «Şinnik» topary şenbe güni öz öýünde «Çernomoresi» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gurban Berdiýewiň tälim berýän «Dinamosy» (Mahaçkala) bolsa ýekşenbe güni myhmançylykda «Leningradesden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, dokuz tapgyrdan soňra türkmenistanly tälimçileriň toparlary degişlilikde turnir tabliasynyň üçünji we dördünji orunlaryny eýeläp durlar. Ýagny Homuhanyň golsatynda türgenleşýän «Şinnik» 16 utuk bilen üçünji ýerde barýan bolsa, Gurban Berdiýewiň baş tälimçilik edýän «Dinamosy» 15 utuk bilen turnir tablisasynda dördünji ýere ornaşdy. Häzirki wagtda Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň turnir tablisasynda 20 utuk bilen «Alaniýa» liderlik edýär. Ikinji orun bolsa 17 utuk jemlän «Sokol» toparyna degişli. Mahaçkalanyň «Dinamosy» indiki tapgyrdaky oýnuny 18-nji sentýabrda öz öýünde turnir tablisasynyň lideri «Alaniýa» bilen geçirer. «Şinnik» bolsa 17-nji sentýabrda Tulada «Arsenalyň» myhmany bolar.