Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barjak asylly işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýän türkmen-wýetnam hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Duşuşygyň ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.