4-nji sentýabrda Soçide rus-türk gepleşikleri geçdi. RF-niň we Türkiýäniň Prezidentleri Wladimir Putin we Rejep Taýyp Ärdogan üç sagatlap gepleşik geçirdiler diýip, «MIR 24» habar berýär. Gepleşikler iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda giň düzümde, soňra Prezidentleriň gatnaşmagynda ikiçäk görnüşde geçdi. Duşuşyklaryň esasy meseleleriniň biri-de Türkiýede «Akkuýu» atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyna bagyşlandy. Putin onuň birinji energiýa toplumynyň 2024-nji ýylda işe goýberilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ärdogan duşuşykda Türkiýe bilen Russiýanyň tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, Türkiýede gaz merkeziniň döredilmegi möhüm bolup durýar.