Hytaýda geçen halkara sergide emeli aňyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Serginiň myhmanlaryna robot-hirurg, dünýäde buddizm sungatynyň iň baý ýeri bolan Morao gowagyna syýahat etmäge mümkinçilik berýän VR-äýnekler bilen tanyşdyryldy. Hytaýyň Senagat we habar beriş tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýyl ýurtda emeli aň ulgamy bilen meşgullanýan kärhanalaryň sany 5 müňe golaýlady. Bilermenler golaý 10 ýylda Hytaýda bu ulgamyň bahasynyň 600 milliard dollara golaýlajakdygyny çaklaýarlar.