Gresiýanyň Ewros adasynda eýýäm 16-nji gündür, tokaý ýangynlary dowam edýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýangyn Dadiýa milli seýilgähiniň çäginde başlandy. Hünärmenler bu sebitde ýagdaýa ekologik we ykdysady heläkçilik hökmünde baha berýärler. Geçen hepdede ol ýerde ýangynda 20 adam pida boldy. Onlarça öýlerdir kärhanalar ýandy. Gresiýanyň hökümetiniň çaklamalaryna görä, bu ýyl ýurtdaky ýangynlaryň umumy meýdany 150 müň gektardan geçip biler. Olaryň ýygy-ýygydan döremegini hünärmenler dünýäde dowam edýän howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar.