Stokgolm şäheriniň metrosynyň gurluşygy ýer derejesinden 105 metr pes bolan nokatda dowam edýär diýip, «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi. Bu çuňlukda metronyň Dýodermalm adasyndaky «Sofiýa» duralgasyndaky işlere girişildi. Netijede bu ýerasty ötük dünýäde iň çuň metrolaryň biri bolar. 2030-njy ýylda metronyň gurluşygy tamamlananda, «Sofiýa» duralgasy gadymy gaýada 100 metr çuňlukda ýerleşer. Galan 5 metr çuňlugy tehnologik giňişlik tutar. 2025-nji ýylda 20 metr göwrümdäki şahtany açmak meýilleşdirilýär, ol ýerde «Sofiýa» stansiýasynyň sekiz sany tiz hereket edýän liftleri ornaşdyrylar. Her lift sekuntda dört metr tizlik bilen platforma we yzyna 40 ýolagçyny gatnadar. Bir tarapa aralyk 30 sekuntdan sähelçe geçer. Eskalator arkaly şeýle gatnaw 20 esse köp wagty alardy diýlip, habarda bellenýär.