Hindistanyň Hökümet derejesinde ýurdy öňki ady bilen, ýagny Bharat diýip atlandyrmagy mümkin. Bu barada «The Economic Times» ýazýar. Şeýle hem habar beriş serişdeleri degişli kararyň taýýarlanylyşy barada habar berýär. Karara 18 — 22-nji sentýabr aralygynda ýurduň parlamentiniň ýörite mejlisinde seredilip bilner. Hindistanyň Milli Kongresiniň ýolbaşçysy Jaýram Rameş sosial ulgamlarda: «Indi Konstitusiýanyň 1-nji maddasy şeýle okalar: Bharat, ýagny Hindistan, döwletler bileleşigi» diýip, ýazdy. Habarda bellenilişi ýaly, G20 naharyna resmi çakylyklar, Hindistanyň Prezidentiniň adyndan diýip däl-de, «Bharatyň Prezidentiniň» adyndan diýlip iberilendigi aýdylýar.