Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistandan 732 million kub metr tebigy gazy import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden iki esseden hem gowrak köpdür. Has takygy, geçen ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan 292 million kub metr türkmen gazyny satyn alypdy. Bu barada Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, hasabat döwründe Azerbaýjana eksport edilen türkmen gazynyň umumy bahasy 109,18 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 31,8 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjan 2022-nji ýyldan bäri SWOP görnüşinde Eýranyň üsti bilen türkmen «mawy ýangyjyny» satyn alýar. Üçtaraplaýyn ylalaşyk her ýylda 4 milliard kub metre çenli tebigy gazy Türkmenistandan Azerbaýjana ibermegi göz öňünde tutýar. Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjan 2022-nji ýylda Türkmenistandan 857 million kub metr tebigy gazy import etdi.