Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda ikinji ýeňşini gazandy. Ilima Guseýnowa birinji aýlawda hindistanly Surýanşi Şehawaty iki setde ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji aýlawda bolsa ol özbegistanly güýçli garşydaşyndan — ýaryşyň ikinji raketkasy Emili Kimden 6:7, 7:6, 6:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Ilima Guseýnowa ýaryşyň çärýek finalyna ýollanma aldy. Çärýek finalda ol ýene bir hindistanly tennisçi Diýa Rameş bilen güýç synanyşar. Ýeri gelende bellesek, 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna yklymyň bu ýaş derejesindäki iň gowy reýtinge eýe 24 tennisçisi gatnaşýar. Türkmenistanyň wekili Ilima Guseýnowa bolsa şol sanawda 13-nji basgançagy eýeläp dur.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir