Şu gün Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň binasynda geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar üç tapgyrda «Hünärim bar — hormatym bar», «Milli aşpezlik ukuplary» we Türkmenistanyň ösüşlerini aýdymdyr gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etmek ýaly ugurlar boýunça çykyş etdiler. Netijede baş baýraga Lebap welaýatyndan «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Amul» şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Çaryýewa we «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülşat Eminowa dagy mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir