Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda «ak kerwen» dabaralary geçirilip, hormatly ýaşulularyň «Bismilla» etmeginde pagta ýygymyna başlanyldy. Pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli dabaraly çäreler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerinde guralan geňeş maslahatlary bilen başlandy. Pagta ýygymyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Watan» daýhan birleşikleriniň «ak altynly» ýerlerinde badalga berildi. Pagta hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulag kerwenleri Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 40 müň tonna tohumlyk pagta çigidini gaýtadan işleýän «Altyn asyr» pagta arassalaýjy kärhanasynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen «Garabekewül» pagta arassalaýjy kärhanasynda, şeýle-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanada dabaraly çäreler bilen kabul edildi. Şeýle-de bu kärhanalarda döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjiler bolup üstünlikli ýerine ýetiren pagtaçy daýhanlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilmegi, asylly däbe görä, giň gerimli medeni çäreler, şol sanda sergiler, aýdym-sazly çykyşlar bilen has-da dabaralandyryldy. Belläp geçsek, 2023-nji ýylda Türkmenistanda 580 müň gektar ýere pagta ekildi hem-de 1,2 million tonnadan gowrak hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. Pagta ýygymy möwsüminde ýurt boýunça 1600 kombaýn, ýygnalan hasyly daşamak üçin ulaglaryň 7800-si ulanylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda, howa şertleri bilen baglylykda, pagta ýygymyna 15-nji sentýabrda girişiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir