Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen «Безостая 100» we «Алексеич» ýaly görnüşlerine degişlidir. Bugdaý önümleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasynyň mümkinçilikleri, şeýle hem, milli söwda flotunyň «Magtymguly», «Türkmenistan» we «Balkan» gury ýük gämileriniň kömegi bilen daşalýar. Häzirki wagtda, importdan başga-da, däne önümleriniň Russiýa Federasiýasynyň günorta sebitlerinden Pars aýlagyndaky ýurtlaryna we beýleki sebitlere ýükleriň üstaşyr daşalmagy babatda Russiýa Federasiýasy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.