Sputnik etrabynda Duzly kanalynyň golaýynda suw joşmalaryndan ejir çekenler üçin ynsanperwerlik kömegi nokady açyldy. Bu ýerde paýlanylýan ynsanperwerlik kömegi Türkmenistandan ugradyldy diýlip, vladivostok-news.net web sahypasynda habar berilýär. Bu ynsanperwerlik kömeginiň esasy bölegi çaga eşiklerinden hem-de süýjüliklerden ybaratdyr. Olaryň içinde çagalar we ulular üçin niýetlenilen, arassa pagtadan bolan ýokary hilli ýorgan-düşekler we örtgüler bar. Habarda ýerli ýaşaýjylaryň ýürek buýsançlary hem beýan edilýär. Olarda ugradylan ynsanperwerlik kömegi we duýgudaşlygy üçin türkmen halkyna köp sagbolsun aýdylýar. Ozal Primorýe sebitiniň Siwakowka, Petrowiçi, Luçki we Nowodewitsa obalaryna hem Türkmenistandan ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir