biz indi uly adamlar, sahel bir zada gaharlanyp soyuship otursak onda gaty gelshiksiz boljak, yone halys degmange degse(ler) jydamak agyr, jydasang kop zady yitiryang jydamasang yene kop zady yitiryang menem siz bn shu soragy paylahasym geldi. name uchin ylalashmak kynka, siz nahili pikirde mashgalada kimin has kop sozi yoremeli ?
Her bir ishde bir hayyr bardyr, yaryn bn sowushsen name hayyr barka ?
-
yslam
13 years ago
- iň esasy zatlaryň biri hem maşgalada agzybirligi saklamak gerekdir...
her hili ýagdaý bolanda-da aýal ärini diňlemelidir. Pygamberimiz (saw) aýdyşyna göra, "eger ynsanlar ýerde-de (ýerdäki zatlardan)bir zada ybadat etmeli bolsa onda aýallar öz ärine ybadat etmeli bolardy"... "aýallardan dini, namazy, orazasy, zekady we şuňa meňzeş zerur zatlardan soň öz äri barada soraljakdyr"... şonuň üçin aýallar öz ärini diňlemek gerekdir.
yone hemme yerde beyle daldir yagny eger ari yslama gora yashayan bolsa ayaly arini dinlemelidir... arlering hem oz ustunde oz borchlary bardyr...
Maşgala bagty üçin altyn kanunlar
Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar.
Tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň:
1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. Uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly;
2- Şadyýan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris;
3- Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . Iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr;
4- Öňki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl;
5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl;
6- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler;
7- Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň;
8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar;
9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! Düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň;
10- Ýersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň;
11- Ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. Oňa guwanýanlygyny görkez;
12- Bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir;
13- Tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir;
14- Durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz;
15- Öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et;
16- Almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. Hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň;
17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. Her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler;
18- Durmuşda hemişe bolýan säwlikdir kynçylyklarda derrew ýanýoldaşyňy günäkärleme, ýagdaýa ynsaply serediň;
19- Diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! Mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň;
20- Nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we Allaha berlen bir sözdügini bil! Bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň!
-
yslam
13 years ago
- 21- Maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! Ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň;
22- Ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň;
23- Biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň;
24- Ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. Kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň;
25- Maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň;
26- Özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň;
27- Geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň;
28- Ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! Hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň;
Zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar:
Gurhanda:”Ýatladyň! Ýatlatmak mömine peýda berer!” (Zariýat, 51/55) diýilýär.
29- Maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý;
30- Mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň;
-
Broker
13 years ago
- dogry yazypsyng yslam gollayan sagjabol
-
Ayyuzli
13 years ago
- broker,"cekishman-bekishmez" diyipdirler.gecer hemmesi enshalla. Esasy zat agyr,icden cykmajak soz aytmajak bolun. Garshyndaky gaharlyka sen azajyk sabyrly bolup,song kosheshenson dushundiraymeli. "gahar-kapyr"
-
magnit
13 years ago
- Ba$arsak azajyk gecirimliräk bolmak gerek. Gahar erbet zat dostlar, Hat-da gahar zerarly birnäce adamlar helak bolyarlar. Bir akyldar aýtmy$laýyn"In guýcli adam gaharyny ýuwudyp bilyan adamdyr"
-
myahri6ka
13 years ago
- yslam tanryyalkasyn, oran peydaly we mohum maslahatlar! geljekde hokman peydalanaryn :)
-
hanbay
13 years ago
- Adamlaryn arasyndaky düşünsmezliklerin in esasy sebabi garşyndakyny düşünmezlik. Empati kuracaksin anlamak icin
-
myahri6ka
13 years ago
- doly razy! has hem turkmen mashgalalarynda: gayin ene - gelin, baldyz, giyew...yzy gutaranok.. :))) biri-birlerimizin arasynda dushnushmeklik bolsun
-
bmw525
13 years ago
- oyun agzybirligini saklamak hojalyk bashy bolmaly. kakan yada ejen. Sholaryn aydany aydany diyeni diyeni bolmalydyr
-
worldmanforever
13 years ago
- Yslam Bet maslahat yazypsyn ! Sagja bol !
-
worldmanforever
13 years ago
- Mashgala durmushy diylen zat in kyn meselelerin biri ! Esasy ondanam kyn zat ozune tay ikinji polovinkany tapmak gerek ! Nirden tapmaly nadip tapmaly mena bilemok dogrymy aytsam !
-
Serkanynejjesi
13 years ago
- Aýaly başdan, çagany ýaşdan
Broker 13 years ago- yokarda bir sozi yalnysh yazypdyryn soyuship dalde "sowuship" bolmaly. bagyshlaworyng gidipdir bir yalnysh