“Maşa we Aýy” animasion serialynyň ýedinji möwsümi YouTube-da çykdy. Bu barada Animaccord studiýasynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, portal-kultura.ru belleýär. Maşa we Aýy” multserialynyň ilkinji bölümlerini eýýäm onlaýn görnüşde görmek bolýar. Studiýanyň metbugat gullugy täze möwsümiň çykarylandygyny TASS-a tassyklady. Şeýle-de, studiýa sýužetiň tokaýyň çäginden daşary giňeljekdigini hem belledi. Gahrymanlar şäher ýerlerine düşerler. “Aýynyň öýünde şäher ýaşaýjylary peýda bolar, “Maşa we Aýy: 12 aý” täze ýyl ertekisiniň gahrymanlary – Ýanwar, Dekabr we beýlekiler bolsa seriýalaryň doly derejeli gahrymanlary bolar” – diýip, metbugat gullugy belleýär. Animaccord studiýasynyň rus animasion taslamasy halkara tomaşaçylaryň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin iň isleg bildirilýän taslama diýlip ykrar edildi. “Maşa we Aýy” dünýäde YouTube-da iň köp tomaşa edilýän animasion film bolmagynda galýar. Umumy tomaşa sany 147 milliarddan geçýär. Taslama ýedi brilliant wideohosting düwmesini gazandy we 45-den gowrak dilde görkezilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir