Güni öwrenmek üçin 2-nji sentýabrda uçurylan Aditya-L1 hindi stansiýasy uzak möhletli ýörişe ugramazdan ozal Ýeriň pes orbitasynda enjamlary synagdan geçirýär. Zond, takmynan, dört aýyň içinde Ýer bilen Günüň arasyndaky Lagranža L1 nokadyna, planetamyzdan Günüň ugruna tarap, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän durnukly grawitasiýa nokadyna ýeter. “L1 nokadynyň töweregindäki galo-orbitadaky hemra Güne göz gamaşmasyz ýa-da öňi tutulmazdan yzygiderli syn etmegiň esasy artykmaçlygyna eýe. Bu Günüň işjeňligini we onuň hakyky wagtda kosmosyň howasyna täsirini synlamakda uly artykmaçlyk berer " - diýip, Aditya-L1 missiýasynyň beýanynda aýdylýar. Aditya-L1 Güni birnäçe ugur boýunça öwrener: Gün şöhlesi we zarýadly bölejikleriň koronal çykmagy ýaly Ýer ýüzünde “demirgazyk şapagynyň” döremegine sebäp bolup bilýän we hemra ýaly, elektrik infrastruktura howp salyp biljek Gün işjeňligini öwrenmek. Mundan başga-da, teleskop Günüň syrly, NASA-nyň maglumatlaryna görä, takmynan, 1,1 million dereje gyzgynlyga ýetip biljek gyzgyn daşky atmosferasyny barlar, Günüň beýleki gatlaklary beýle yssy däl, bu bolsa alymlar üçin heniz syr bolmagynda galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir