Hytaýa güýçli çabga geldi. Gonkongda 140 ýyldan gowrak wagtyň içinde gelen iň güýçli çabga sebäpli 100-den gowrak adam şikes aldy we azyndan bir adam heläk boldy. Günorta Hytaý hem tebigy betbagtçylyga sezewar boldy, Şençžen şäherinde howa edilen gözegçilikleriň taryhynda ýagyş depgini boýunça iň güýçli çabga geldi. Anna gününe geçilen agşam Gonkongyň Meteorologiýa Obserwatoriýasy 1884-nji ýyldan bäri iň güýçli çabga geljekdigi barada gara belgili harasat duýduryşyny berdi. Duýduryşyň bu derejesi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek girizilipdi. Meteorologlaryň berýän maglumatyna görä, ýerli wagt bilen sagat 23:00-dan 24:00-a çenli (Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-dan 21:00-a çenli) şähere 158,1 mm ygal düşdi, bu howa 139 ýyllyk yzygiderli gözegçilikleriň iň ýokary görkezijisidir. Umuman alanyňda, 24 sagatdan hem az wagtyň içinde, takmynan, 600 mm ygal düşdi, bu ýyllyk normanyň dörtden bir bölegidir. Güýçli çabga “Haýkuý» harasadynyň döreden pes basyşy sebäpli ýüze çykýar. Tupan duýduryşynyň gara derejesi şäherde 16 sagat 35 minutlap dowam etdi, bu bolsa tutuş gözegçilikleriň taryhynda rekord bolupdy. Öňki rekord 1999-njy ýylda goýlupdy: gara duýduryş yşaraty 5 sagat 47 minut dowam edipdi.