Belgiýanyň «Arcsec» kompaniýasy kosmos zibilleriniň kiçiligi sebäpli ýerüsti radarlar tarapyndan kesgitlenip bilinmeýän ownuk böleklerini ýüze çykarmak üçin tehnologiýa döretdi. Kompaniýa 3 sm-e çenli ululykdaky howply jisimleriň ýerleşýän ýerini bellige aljak kiçijik orbital emeli hemra-trekerleri döretdi diýip, Space.com habar berýär. Adamzadyň Ýeriň golaýyndaky giňişligi özleşdirmegi netijesinde kosmos zibilleri meselesi has çynlakaýlaşýar. Ýewropa kosmos agentliginiň maglumatlaryna görä, Ýeriň orbitasynda enjamlaryň 10 sm-den uly 34,6 müňden gowrak bölegi, 1 – 10 sm ölçegde 1 million töweregi bölejik we diametri 1 sm-den kiçi bolan 130 milliondan gowrak bölejik bar. Ujypsyz ölçeglerine garamazdan, bu jisimler gaty howply bolup bilerler. 2016-njy ýylda birnäçe santimetr ululykdaky zibil bölegi Ýewropanyň «Sentinel-1» monitoring maksatly emeli hemrasynyň Gün panelinde 40 santimetr giňlikde deşik açdy. Belgiýanyň kiçi emeli hemralary golaýdan geçýän bölekleri kesgitleýän optiki datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgam obýektiň hereket traýektoriýasyny seljerip, olar hakda maglumatlary Ýere we beýleki kosmos enjamlaryna iberip biler. Ilkinji «Arcsec» kosmos trekeri 2024-nji ýylyň başynda kosmosa uçurylar.