2023-nji ýylyň ahyryna çenli elektrikli ýeňil ulaglaryň (elektrik hereketlendirijili we geçirilýän gibridler) dünýä boýunça üpjün edilişi üçden bir esse artyp, 15 milliona ýeter diýip, Gartner gözleg kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanýan Trend habar berýär. Çaklamalara görä, 2024-nji ýylda ösüş 19% bolar, ýagny üpjünçilik 17,9 million awtoulaga ýeter. Ýeňil we ýük awtoulaglary we awtobuslar ýaly ähli elektrik ulaglarynyň satuwy şu ýyl 15,4 milliondan (34% ýokarlanar) we indiki ýyl 18,45 milliondan (20% ýokarlanar) geçer. Elektrik hereketlendirijili ýeňil ulaglaryň (BEV) üpjünçiligi 2023-nji ýylda, geçen ýylky 9 million ulag bilen deňeşdirilende, takmynan, 11 milliona çenli artar we geçirilýän gibrid ulaglary (PHEV) 3 million bolanlygyndan 4 milliona ýeter diýip, Gartner-iň metbugat beýanatynda aýdylýar. Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli awtoulag söwdasynyň ýarysyndan gowragyny elektrikli ulaglar tutar diýip çaklaýarlar.