Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagta meýdanlarynda ýygyma girişildi. 2023-nji ýylda 580 müň gektar ýere pagta ekildi. Ony gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak oba hojalyk işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu möwsümde bolsa, babadaýhanlar 1,2 million tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Pagtaçylyk Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň möhüm pudagydyr. Ýurduň toprak-howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin diýseň amatlydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda dokmaçylyk toplumlaryny kemala getirmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurt boýunça bolsa, dokma senagaty ministrligine degişli 60-dan gowrak kärhana hereket edýär. Türkmenistan boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýygnalan hasyly daşamak üçin ulag serişdeleriniň 7800-si ulanylar. Muňa görä hasaplanyňda, bir günde 12 müň gektar ýerden hasyl ýygnap, ähli hasyly 52 günüň içinde tamamlap bolýar. Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlary we folklor oýunlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Howa şertlerine laýyklykda, ýurduň demirgazyk welaýatynda pagta ýygnamak möwsümi 15-nji sentýabrda başlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir