«AnTuTu» guramasynyň hünärmenleri awgust aýynda iň ýokary baha berlen «Android» ulgamynda işleýän smartfonlaryň sanawyny düzdüler. Sanaw ulanyjylaryň beren bahalaryna esaslanyp düzüldi. Birinji orny 97,14% oňyn baha alan täze «Realme GT5» flagmany eýeledi. Smartfon adaty bolmadyk dizaýna, rekord derejede 240 Wt kuwwatly zarýad berijä, 144 Hz täzeleniş tizligi bolan 1,5K ekrana we «Snapdragon 8 Gen 2» çipine eýedir. Ikinji we üçünji orny degişlilikde 2023-nji ýylyň fewral we aprel aýlarynda tanyşdyrylan «Samsung Galaxy S23 Ultra» (95,88%) we eplenýän «Vivo X Fold2» (94,78%) eýeledi. Şeýle hem sanawyň ýokarky basgançaklarynda «ZTE Nubia Z50 Ultra» (93.58%), «Vivo X90 Pro+» (93.04%), «Samsung Galaxy S23» (92,73%), «Xiaomi 13 Pro» (91,76%), «Honor X40 GT» (90,99%) «Honor Magic5 Pro» (90,62%) we «OnePlus 11» (90.47%) orun aldylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir