«Apple» kompaniýasy «Google Chromebook» arzan noutbugy bilen bäsleşjek täze noutbuk çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada DigiTimes portaly habar berýär. Bellenilmegine görä, «Apple-iň» arzan noutbugy demir korpusa eýe bolar we bahasy 1000 dollardan arzan bolar. Bu kompaniýanyň ygtybarly we elýeterli kompýuterler talap edilýän bilim pudagyndan we orta işewürlikden müşderileri çekmegine mümkinçilik berer. Häzirki wagtda kompaniýa öz «iPad-lary» üçin ýörite bilim edaralary üçin niýetlenen nyrhlary hödürleýär. «DigiTimes» «Apple-iň» esasy üpjün edijileri bolan «Quanta Computer» we «Foxconn» kompaniýalaryndan täze noutbuk üçin gurluşlary sargyt edendigini belleýär. Täze önümiň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda «Apple» noutbuklary iki nusgada hödürlenýär: «MacBook Air» we «MacBook Pro». Olaryň bahalary, degişlilikde, 999 dollardan we 1299 dollardan başlanýar.