TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynda “Ugradylmaga taýýar harytlar” hem-de “Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary” diýen iki sany täze bölüm açyldy. Şeýle-de indi bu platformada Türkmenistanda ilkinji gezek — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligi ýola goýuldy. “Ugradylmaga taýýar harytlar” bölüminde amatly bahalardan türkmen öndürijileriniň ellerinde taýýar bolan we eksporta niýetlenen harytlar barada maglumatlary jemleýäris. Başgaça aýdanymyzda, alyjylar üçin adaty bahalardan has amatly bolan bahalary hödürleýäris. “Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary” bölüm bolsa, hem eksportçylar, hem importçylar üçin ähmiýetlidir. Bu bölüm Türkmenistandan daşary ýurtlara, şeýle hem daşary ýurtlardan Türkmenistana harytlary daşamak üçin boş ulag serişdeleriniň eýeleri bilen ýük iberijileriň gysga wagtyň içinde bir-birini tapmagyna ýardam berer. Şeýlelik-de işewürler wagt ýitirmän özleri üçin iň amatly hyzmatdaşlaryny saýlap bilerler. TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýdy. Ulgam ähli ýurtlara, halkara kadalara we düşündirişlere laýyklykda halkara bazarynda satylýan ähli harytlaryň atlarynyň ýeke-täk klassifikasiýasyndan ugur almaga mümkinçilik berýär. Ulgam halkara söwda statistikasy we ähli ýurtlaryň gümrük nyrhlary üçin ählumumy esas bolup durýar. Gümrük edaralary HS kodlaryndan, halkara derejesinde iberilýän harytlara degişlilikde paçlary, salgytlary we kadalary ulanmakda peýdalanýarlar. GDA ýurtlarynda HS Code bilen doly diýen ýaly gabat gelýän TN VED kody (Daşary Ykdysady Işjeňligiň Haryt Nomenklaturasy) ulanylýar. TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy 2017-nji ýylda Türkmenistanyň önümleri we önüm öndürijileri barada ýeke-täk maglumat binýadyny döretmek, Türkmenistanyň eksport edilýän harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagyny ilerletmek we önüm öndüriji bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen işe girizildi. Häzirki wagtda TurkmenExporters.com.tm internet eksport söwda platformasy Türkmen önümlerini we önüm öndürijilerini halkara işewürlik jemgyýetine tanatmakda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda platformasy bolup durýar. Eksport platformasynyň habarlaşmak üçin salgylary: Telefon belgileri: +993 12 75 44 30, +993 12 75 44 31 Ykjam telefon belgileri: +993 61 23 99 11, +993 64 73 99 11 Web saýty: www.TurkmenExporters.com.tm E:poçtasy: info@turkmenexporters.com

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir