12-nji sentýabra çenli bäş sany asteroid Ýere golaýlar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek agentliginiň (NASA) web sahypasynda habar berildi. Kosmos agentliginiň habar bermegine görä, öýe deň ululykdaky asteroid 6-njy sentýabrda Ýere örän ýakyn geler. Onuň Ýer togalagyndan 5,11 million km aralykdan geçjekdigi kesgitlenildi. NASA-nyň belleýşi ýaly, uçaryň we awtobusyň ululygyndaky indiki iki kosmos jisimi 8-nji sentýabrda Ýere golaý geler – olar, degişlilikde, 4,08 million we 5,72 million km aralykdan geçerler. 10-njy sentýabrda uçaryň ululygyndaky ýene iki asteroid planetanyň gapdalyndan geçerler. Olaryň we Ýeriň arasyndaky iň ýakyn uzaklyk, degişlilikde, 1,52 million we 2,66 million km bolar.