Dünýäde ilkinji gezek «Heinz Tomato Ketchup» we «Lick» kompaniýalary bilelikde önüm çykardylar we ony çäkli mukdarda hödürlediler diýip, gazeta.ru «Leicestermercury» neşirine salgylanyp habar berýär. «Lick» kompaniýasy gurandan soň «Heinz Tomato Ketchup» üwmejiniň reňkini alýan pigmentleriň özboluşly garyndysyny döretdi. «Gyzyl reňk ähli reňk spektrleriniň arasynda iň uzyn tolkuna eýedir. Ol bizde fiziki reaksiýa döredýän, biziň ilkinji görýän we duýýan reňkimiz. «Gyzyl HTK 57» hem şeýle güýçli we özüne çekiji reňk, ol baýlygy we çuňlugy bilen öýe hemişelik özüne çekiji öwüşgin berýär» diýip, «Lick» kompaniýasynyň interýerleriň dizaýny boýunça müdiri we reňk psihology Taş Bredli gürrüň berdi. Şeýle hem ol reňkiň tebigy önümleriň bişmegi we süýjüligi bilen baglanyşyklydygyny, onuň aňda işdäniň açylýandygy hakynda duýgyny döredip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy. «Biz özboluşly hyzmatdaşlyk taslamalaryny gowy görýäris we çäklendirilen «Red HTK 57» boýagyny hödürländigimize begenýäris. «Heinz» üwmejiniň muşdaklarynyň ony biziň sousymyzy gowy görüşleri ýaly gowy görjekdiklerini we bu ajaýyp reňki öýlerinde ulanmakdan lezzet alýandyklaryny umyt edýäris» diýip, «Heinz» kompaniýasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary we brendi ösdürmek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Týago Rapp belledi.