Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragyna 30 dalaşgär oýunçynyň hataryna goşulmady. Bu barada sport-interfax.ru habar berýär. Dalaşgärleriň sanawy baýragyň guramaçysy bolan “France Football” žurnaly tarapyndan neşir edildi. Sanawda, aýratynam, baýragyň häzirki eýesi fransiýaly Karim Benzema (“Al-Ittihad”), “Altyn topuň” ýedi gezek eýesi argentinaly Lionel Messi (“Inter Maýami”) we beýlekiler bar. Şeýlelik bilen, Ronaldu 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dalaşgärleriň sanawyna girmedi. Oýunçynyň özi “Altyn topuň” bäş gezek eýesidir.