7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Taraplar türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge isleg bildirýändiklerini mälim etdiler.