Geely konserniniň düzümine girýän Polestar kompaniýasy öz smartfonyny çykarmak bilen Hytaý bazarynda 4 indeksli kros-kupeniň satuwyna başlar. Markanyň başlygy Tomas Ingenlatyň CNBC teleýaýlymyna beren habaryna görä, smartfon hem, elektrik awtoulagynyň media ulgamy hem bir operasiýa ulgamynda işlär. Taslama ulanyjynyň smartfony bilen elektrik ulagynyň media ulgamynyň arasynda “üznüksiz” baglanyşygyň bolmagy üçin amala aşyryldy. Tomas Ingenlatyň sözlerine görä, bu ugurda henizem käbir kynçylyklar bar, şonuň üçin Polestar 4 üçin aňrybaş integrirlenen enjam dörediler. Ony hem Geely konserniniň düzümine girýän Meizu kompaniýasy döreder. Smartfony hem, Hytaýdaky Polestar 4 -iň bort elektronikasyny hem Meizu FlyMe operasiýa ulgamy dolandyrar, kross-kupe bolsa Google-yň operasiýa ulgamy bilen Ýewropa gider. Köpçülikleýin bazar üçin gajetleri öndüriji hasaplanýan Meizu üçin Polestar smartfony ilkinji premium önüm bolmagy mümkin. Her niçigem bolsa, Tomas Ingenlat öňe sürjek geljekki ösüşi barada şu pikirinde durýar .