Toyota kompaniýasy täze kaşaň krossower Century krossowerini hödürledi. Ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, 1967-nji ýyldan bäri bu model diňe sedan görnüşinde hödürlenip gelipdir; indi sedan we krossower ugurdaş öndüriler. Krossower 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisine esaslanýan gibrid güýç gurluşyny aldy. Aňrybaş kuwwatlylygy 412 at güýji, elektrik ýöreýiş ätiýaçlygy 69 kilometre deňdir. Täze ulagyň uzynlygy 5505 mm, tigir bazasy 2950 mm. Salon dört adam üçin niýetlenendir. Üýtgeşmä baglylykda, Toyota yzky gapylary açmak üçin iki shema hödürleýär: birinji ýagdaýda 75 gradus açylýar, ikinjisinde bolsa süýşürilýär (mikroawtobuslar ýaly). Ekranlar öňdäki oturgyçlaryň arka tarapyna oturdyldy, ikinji hatardaky iki oturgyç sowadyjy we kondisioner hem-de multimediýa dolandyryş ulgamy bilen konsol arkaly bölünýär. Şeýle hem oturgyçlar aýak yzlary, elektrik sazlamalary, massaž we howa çalşygy funksiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Salon bilen ýükdan bölüminiň arasynda laminirlenen aýnadan ýasalan bölek bar. Toyota Century krossoweriniň bahasy 25 million iýen.