VK topary Mail.ru poçtasynda işe girizilen täze aýratynlygy yglan etdi. Hyzmatda ulanyjy üçin hatlaryň ähmiýetlisini özbaşdak kesgitleýän akylly algoritm bar, şonuň üçin hakykatdanam möhüm habary ýitirmek mümkinçiligi azalýar. Ýyldyrymyň nyşany görnüşindäki bildiriş hatyň kesgitli alyjy üçin ähmiýetlidini görkezer. Döredijileriň pikiriçe, her bir ulanyjy üçin hatyň ähmiýeti olaryň gyzyklanmalaryna baglylykda aýratyn kesgitlenýär. Islendik hat, mysal üçin, sürüjiniň ýol gözegçiligi gullugyndan alan jerimesi ýa-da onlaýn dükana edilen sargyt baradaky maglumat möhüm bolup biler. Düzgüne görä, hat bir aýlap ýyldyrymyň nyşany bilen bellikli durar ýa-da ol okalýança aýrylmaz, diňe şondan soň bellik awtomatiki usulda ýitip gider.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir