Google täzelenen Chrome brauzerini görkezdi. Gözleg ägirdi Chrome-yň 15 ýyllygyna programmanyň dizaýnyny birneme täzelemegi karar etdi. Täze dizaýn häzirlikçe diňe kompýuter wersiýasyna degişli bolar. Başga düýpli üýtgeşiklik ýok, ýöne programma Material You-yň dizaýnyna laýyk geldi. Google nyşanlary täzeledi, täze reňk kombinasiýalaryny döretdi we Chrome giňeltmelerine, Google Translate-e, Google-yň parol dolandyryjysyna we beýleki aýratynlyklara has çalt girmek üçin diýseň takyk menýu goşdy. Şeýle hem, kompaniýa giňeltmeleriň onlaýn dükanyny täzeden dizaýn etdi we howpsuzlyk barlaglaryny gowulandyrdy. Hemişe bolşy ýaly, täzelenme kem-kemden ýaýraýar, ýöne eýýäm ulanyjylaryň birtopary ony aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir