6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir