Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi resmi taýdan açyldy diýip, TASS habar berýär. Halkara ýagdaýyna garaýyşlaryny hödürlemek we ählumumy kynçylyklara garşy göreşmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin dünýäniň çar künjeginden ýygnanjak ýolbaşçylary we daşary işler ministrleri bilen 19-25-nji sentýabr aralygynda geçjek ýokary derejeli hepde täze sessiýanyň esasy çäresi bolar. Mejlisiň açylyşynda onuň başlygy, Trinidad we Tobago respublikasynyň diplomaty Dennis Fransis kasam kabul etdi we borçlaryny adalatly hem-de garaşsyz ýerine ýetirjekdigini aýtdy. "78-nji mejlisiň kynçylyklara netijeli jogap bermegi üçin dört sany ileri tutulýan ugry belledim. Bular - parahatçylyk, abadançylyk, ösüş we durnuklylyk." Ýokary derejeli hepdä çenli Baş Assambleýa gün tertibini tassyklamak we komitet döretmek ýaly tehniki meseleler boýunça mejlisler bilen dowam eder. Däp boýunça ýokary derejeli hepdäniň özi Braziliýanyň prezidenti Luis Inasio Lula da Silwanyň çykyşy bilen açylar. Ondan soň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden söz sözlär. Baýden şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmaly “Uly bäşligiň” liderlerinden ýeke özi bolar. Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň we Fransiýanyň liderleri şu ýyl Nýu-Ýorka barmagy meýilleşdirmeýärler.