Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Taalaýbek Baýgaziýew Türkmenistan bilen 2023-2024-nji möwsümde elektrik üpjünçiligi barada ylalaşyk gazanylandygyny, satyn alynýan energiýanyň bahasy barada gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi. Muny Tazabek agentligi ýetirýär. Resmi wekiliň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiýadan elektrik energiýasy getirmek barada hem ylalaşyk gazanyldy, emma Türkmenistan bu serişde bilen respublikany iň köp üpjün ediji bolmagynda galar. Gyrgyzystan energiýasynyň köp bölegini gidroelektrik stansiýalary arkaly öndürýär, ýöne ýerli suw howdanlarynda suwuň derejesi peselýär, netijede elektrik energiýasynyň önümçiligi kemelýär. Şeýlelik bilen, Toktogul suw howdanynda şu ýyl 1,97 million kub metr suw azaldy. Türkmenistan birnäçe ýyl ozal Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny eksport edip başlady. Şondan bäri ýurdumyz Gyrgyzystanyň bazaryndaky iň iri üpjün ediji bolmagynda galýar.