SLIM diýlip atlandyrylýan, Ýaponiýanyň ilkinji Aýa gonuş modully H2A raketa göterijisi Kagosima prefekturasynyň günorta-günbataryndaky Tanegasima kosmos merkezinden bat aldy. Uçuryş Ýaponiýanyň aerokosmiki gözlegler gullugy (JAXA) tarapyndan göni ýaýlyma berildi. Ondan öň howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli moduly goýbermeklik birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Boýy 2,4 m we agramy 200 kg bolan bu apparat ýüz tanamak ulgamlarynda ulanylýan tehnologiýalar kysmy tehnologiýalaryň kömegi bilen Aýyň kraterlerini we relýefini öwrenmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem SLIM Aýyň üstündäki gaýalardan tapylan demriň we beýleki elementleriň mukdaryny ölçäp bilýän ýörite kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýapon modulynda 100 m-den artyk bolmadyk ýalňyşlyk bilen Aýyň kesgitlenen ýerinde takyk gonmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar bar. Apparat tarapyndan alnan maglumatlary, esasanam, ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri boýunça milli müdirliginiň (NASA) Artemis Aý maksatnamasynyň çäklerinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, H2A raketa göterijisi NASA bilen hyzmatdaşlykda gurlan XRISM rentgen teleskopyny orbita çykarar.