BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habaryna görä, Ýer togalagy 2023-nji ýylyň tomsunda iň yssy üç aýy başdan geçirdi. "Planetamyz ýap-ýaňyja gaýnama möwsümini – howa gözegçilikleriň bütin taryhynda iň yssy tomsy başdan geçirdi " – diýip, gurama BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sözlerini getirýär. Ol dünýäde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi talap edýän klimat krizisiniň başlandygyny ýatlatdy. Meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň iýul aýyndan soň awgust iň yssy ikinji aý boldy. Copernicus-yň berýän bahasyna görä, awgust aýynda howanyň temperaturasy, senagat döwründen öňki ortaça howa bilen deňeşdirilende, 1,5 gradusdan gowrak ýokarlandy. Umuman aýdanyňda, howa gözegçilikleriň taryhynda 2023-nji ýyl 2016-njy ýyldan soň iň yssy ýyl boldy. Şeýle hem awgust aýynda dünýä ummanlarynyň ortaça temperaturasy rekord derejede - 20,98 gradus boldy.