ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy köpçülikleýin yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etmek üçin deslapky karary kabul etdi. Ol näsaz howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan 50 milliondan gowrak ulaga degişli bolup biler. Bu mesele boýunça jemgyýetçilik diňlenişigini 5-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär, şondan soň NHTSA öndürijileriň hökmany yzyna çagyrmak işini resmi taýdan başladyp biler. Derňewiň esasy sebäpkäri bolan howpsuzlyk ýassyklary 2000-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli öndürilipdir. Bu döwürde diňe ABŞ-nyň özünde 12 dürli brendiň awtoulaglaryna oturdylan onlarça million enjam öndürilipdir. NHTSA ARC we Delphi kompaniýalarynyň öndüren howpsuzlyk ýassyklary bilen baglanyşykly birnäçe hadysany derňeýär. Düzgünleşdirijide ýedi adamyň şikes alyp, bir adamyň ýogalmagy bilen bagly ýedi hadysa barada maglumatlar bardygy aýdylýar. Agentlik kompaniýalar kemçilikli ýassyklary öndüripdir diýip hasaplaýar. Howa gysyjy kompressorlaryň korpusyny kebşirlemek şeýle bir usul bilen geçirilipdir welin, metal şlaklaryň galyndylary gazyň ýassyga girýän deşigini ýapypdyr. Netijede, howa gysyjyda basyş sazlap bolmajak derejede ýokarlanypdyr we partlapdyr. Ýazgy edilen wakalaryň ilkinjisi 2009-njy ýylda, iň soňkusy - şu ýylyň mart aýynda bolup geçdi. NHTSA dört üpjün ediji kompaniýadan bölekleri alýan üç zawodda dürli wagtda öndürilen ýassyklar bilen enjamlaşdyrylan dört dürli markaly ulaglar bilen baglanyşykly ýagdaýlary öwrendi.