Beýik Britaniýanyň şasy Çarlz III tagta çykandan soň ilkinji ýylda iş ýüki boýunça ejesi şa zenany Ýelizaweta II-den (1926-2022) öňe geçdi. Bu barada Independent gazeti şa maşgalasynyň agzalarynyň resmi çärelere gatnaşygy baradaky gündelik býulletene salgylanyp habar berýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda tagta çykaly bäri, monarh 161 günde 550, Ýelizaweta II bolsa 157 günde 440 çärä gatnaşdy. Şeýle-de bolsa, Çarlz III iş günleriniň sany boýunça atasy şa Georga VI-den (1895-1952) (183 iş güni) yza galdy. 74 ýaşly Çarlz III-iň täç geýdiriliş dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Londonyň Westminster abbatlygynda geçirildi. 100-e golaý daşary ýurt liderleri, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy syýasatçylary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň baş gubernatorlary, şanyň iri dolandyryş birliklerindäki lord-häkimleri, dürli ybadathanalaryň, ýaragly güýçleriň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik we haýyr-sahawat guramalarynyň işgärleri we gyssagly kömek gullugynyň işgärleri onuň myhmany boldular.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir