Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol toparynyň hüjümçisi Mauro Ikardi dünýäniň iň gymmat awtoulagyny satyn aldy. Bu barada «Daily Mail» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, argentinaly futbolçy häzirki wagtda üç nusgada çykarylan «Rolls-Royce» ulagyny satyn aldy. Awtoulagyň bahasy 26 million ýewro deňdir. Onuň beýleki iki nusgasynyň Jeý-Z we Beýonse tarapyndan satyn alnandygy bellenilýär. Ikardi 2023-nji ýylyň tomsunda «Galatasaraýyň» düzümine geçdi. Ol toparyň düzüminde Türkiýäniň çempiony boldy. Şeýle hem futbolçy «PSŽ» bilen iki gezek Fransiýanyň çempionatynda ýeňiji bolupdy.