Ýazda hödürlenen çäkli mukdarda goýberilen MINI JCW hot-hetç mehaniki korobkaly iň soňky MINI bolar. Muny Top Gear markasynyň başlygy Stefani Wýurst tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, marka sport modellerini ösdürmekden we öndürmekden ýüz öwürmez. MINI Cooper-iň täze neslinde mehaniki korobka bolmaz. Hetç eýýäm Mýunhen awtoulag sergisiniň çäklerinde, ýöne diňe batareýaly görnüşde hödürlendi. Şeýle-de bolsa, Stefani Wýurst geljekde üç gapyly elektrikli ulagyň içerki ýangyç hereketlendirijili alternatiwasynyň hem boljakdygyny wada berdi. Mundan başga-da, Wýurstyň aýdyşyna görä, markanyň, onda-da onuň elektrikli görnüşiniň awtosport ýaryşyna gatnaşmak niýeti ýok däldir. Şeýle-de bolsa, onuň haýsy ýaryş boljakdygy barada entek hiç hili karara gelinmedi. MINI-iň baş direktory kompaniýanyň batareýaly sport awtoulaglaryny şowly ulanyp boljak dürli ugurlary gözden geçirmegi dowam etjekdigini aýtdy. MINI Cooper-iň täze neslini iki elektrik gurluşly - 184 ýa-da 218 güýji bolan görnüşde ilki görkezdi, iň ýyndamy sagatda 100 km tizligi 6,7 sekuntda alar. Şol bir wagtyň özünde, benzinli we elektrikli hereketlendirijileri bilen hödürlenjek JCW-iň “zarýadly” wersiýasynyň boljakdygy eýýäm mälim.