Google kompaniýasy mahabatyň formaty babatda ýene bir gezek synag geçirmegi karar etdi we täze format telewizordaky adaty görnüşe meňzeýär. Gürrüň köp sanly gysga arakesmeleriň deregine bir ýa-da iki sany uly mahabat arakesmesini bermek hakda barýar. Telewideniýä mahsus şeýle format hut telewizorlarda ulanylar. Google-yň tassyklamagyna görä, tomaşaçylaryň 79% -i tutuş wideo boýdan-başa ýaýradylan däl-de, bir topbaga jemlenen wideo mahabatlaryny makul bilýärler. Täze formatdaky mahabatlaryň dowamlylygy we bir wideo wagtyna şeýle ýazgylaryň näçesiniň goýuljakdygy barada entek jikme-jiklik ýok. Munuň diňe bir synagdygyny we ol geljekde haýsydyr bir görnüşde ornaşsa, ulanyjylaryň häzirki görjeklerinden düýpgöter tapawutlanyp biljekdigini tekrarlaýarys.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir