Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 1 – 4-nji sentýabry aralygynda Konstansa şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Halkara türk-tatar festiwaly geçirildi. Baýramçylyk çäresinde 40 ýurduň milli gymmatlyklary, sergi ýarmarkalary, şeýle hem döredijilik we senetçilik işleri görkezildi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň diwarlygynda türkmen halylary, milli egin-eşikleri, senetçilik önümleri we el keşdeleri, kümüş şaý-sepleri, saz gurallary, ýurduň taryhy we şu güni barada gürrüň berýän suratlardyr neşir önümleri sergilendi. Ýeri gelende bellesek, milli gymmatlyklar, sergi görnüşleri türkmeniň ak öýüniň içinde ýerleşdirilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir