Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatynda daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşygyň meselelerine degip geçdiler hem-de «ÝB — MA» görnüşinde Owganystan boýunça ýörite wekilleriň nobatdaky duşuşygyny guramak barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir