Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Samaradaky «Eksportçylar klubuna» baryp gördi. Bu ýerde türkmen diplomaty sebitiň maýa goýum mümkinçilikleri, gurulýan port we logistika merkezi, şeýle hem ýokary bilim bermegiň tejribesi bilen tanyşdy. Bu barada ýurduň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy habar berdi. Duşuşykda Samara sebitiniň wekiliýetiniň şu güýzde Türkmenistana sapary meýilleşdirýändigi, şol döwürde sebitiň wekilleriniň ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi bilen tanyşjakdygy nygtaldy. Saparyň çäginde sebitiň medeniýet, ylym we bilim pudaklaryndaky mümkinçilikleri barada çykyşlar guralar. Şu nukdaýnazardan daşarky gatnaşyklar bölüminiň başlygy Wera Şerbaçýewanyň Samara sebitindäki uniwersitetler barada maglumatlary türkmen tarapyna ibermek barada teklip etdi. Şeýle hem Samara uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk boldy.