Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit ýolbaşçylary bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigi hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şeýle-de Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň özara netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirýändigi nygtaldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir